Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymlary durmuşa geçirilýär
Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli dabaralar, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarly daşary syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda: “Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç haçan unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik