Täze eýýamyň üstünliklere beslenýän aýdyň ýoly

28 Noýabr 2022
258

Ajaýyp zamananyň goýnunda, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar ýaşaýan türkmen halkymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Däp bolşy ýaly, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy durnukly we depginli ösdürmekde gazanylýan üstünlikler täze sepgitlere ruhlandyrýar. Bu ýylda-da hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz ösüş-özgerişli ýoluny ynamly külterleýär. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan uly üstünlikleriň üsti halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrmakda bitirilýän tutumly işler bilen ýetirilýär. Şeýle bähbitli işleriň netijesinde güneşli Diýarymyz behişdi mekana öwrülýär. Bu behişdi mekanda ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz Arkadagly Serdarynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Taryha nazar aýlasak, gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň şol başlangyçlary mynasyp dowam etdirmegi netijesinde bazar ykdysadyýetiniň türkmen  nusgasy kemala getirildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň jemi içerki önümiň ösüş depginini, senagat önüminiň öndürilişiniň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny ýokary derejede saklamaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.