24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, «ak altyn» hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.