Koreý medeniýetiniň günlerinde

26 Noýabr 2022
739

Hawa, gürrüň hakykatdan hem Koreý medeniýetiniň mähribanlygy, ildeşlerimiziň ýüreklerine has ýakyndygy dogrusynda barýar. Ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarlylykda goňşy, sebit we dünýäniň dürli künjegindäki döwletleriň halklary bilen ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklary giňeltmek babatda yzygiderli tagallalary amala aşyrýar.

Aslynda, ata-babalarymyzyň ynanç-ygtykadyna görä, ýagşy adam dünýäniň ähli ýerinde-de ýagşydyr. Ýagşy adamlaryň ýagşylyklary olaryň birek-birek bilen ysnyşmaklarynyň esasy çeşmesidir. Olary ähli zatdan dininden, dilinden ötri köňül mähribanlygy imrindirýär. Köňül mähribanlygy bolsa çagalykdan alnan terbiýeden, şol terbiýäniň gözbaşynda duran ata-enäniň süňňündäki, ruhundaky milli medeniýetinden gözbaş alýar. Iki adamyň dostlugy dogrusyndaky gürrüňlerde hökman olaryň medeniýetlilik derejesi öz-özünden şöhlelenýär. Bu iki halk, iki döwlet dogrusynda bolanynda-da edil şeýledir. Ýöne medeniýetlilik derejesiniň göwrümi ýekeje adamdan tutuş halk derejesine çenli ösýändir.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».