Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26 Oktýabr 2022
899

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň depgini hem-de pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, sebitiň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy öz wagtynda, talabalaýyk tutulýar, netijede, meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar.