Türkmenistan – Ýaponiýa: Hoşniýetlilik. Hyzmatdaşlyk. Ösüş

6 Oktýabr 2022
645

Şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýada boldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň bu dostlukly ýurda sapary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän köpugurly daşary syýasatynyň esaslarynyň mizemezliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Saparyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji sentýabrda Ýaponiýa iş sapary bilen ugran Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol günüň ertesi bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Arkadagymyz Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, ýurdumyzyň halkynyň we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi.