Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edişlikleri

30 Sentýabr 2022
266

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman çakylyk hem-de bu ajaýyp şatlygy türkmen halky bilen bilelikde paýlaşmaga bildirilen uly hormat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlady hem-de bagt, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.