Beýik Britaniýanyň Şa zenany barada kitaplar

30 Sentýabr 2022
362

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II keşbi köp sanly kitaplaryň sahypalarynda öz beýanyny tapdy. Ol baradaky terjimehal we çeper eserleriň sanawyny size ýetirýäris. Tutuş bir eýýam taryhda galdy: 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bütin dünýä beýik taryhy şahsyýetiň aradan çykmagyna gynanç bildirdi. Indi köpler onuň nähili gowy ynsanbolandygy barada ýatlaýarlar. Eýsem, Beýik Britaniýanyň Şa zenany nähili ynsandy? Onuň geçen hakyky durmuş ýoly hakynda bilmäge diňe ol barada ýazylan kitaplar kömek edip biler. Bu ýerde üýtgeşik zenanyň ykbaly barada gürrüň berýän terjimehal eserleriň we çeper romanlaryň iň esasylary jemlendi. Ýelizaweta II 70 ýyl tagtda bolanda diňe bir Beýik Britaniýanyň ilatynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň söýgüsini gazandy. Onuň durmuşy köp sanly terjimehal düzüjiler üçin ylham çeşmesine öwrüldi. Onuň keşbi filmlerde we teleýaýlymlarda, proza we poeziýada öz beýanyny tapdy. Taryhçylardan başlap, režissýorlara çenli hemmeler öz döreden Ýelizawetasynyň tarypyny etdiler. Şeýlelik bilen, Şa zenan hakda aşakdaky terjimehal eserleri döredildi: «Ýelizaweta II Beýik Britaniýanyň Şa zenany » – Mariýa Erton, «Şa zenan sözleýär. Şa zenanyň portreti » – Ingrid Sýuard, «Ýelizaweta II. Dünýäniň Şa zenany. Monarh we döwlet işgäri » – Robert Hardman, «Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II. Häzirki zaman iňlis monarhiýasyna garaýyş » – Arina Polýakowa, «Ýelizaweta II. Terjimehal » – Kerol Erikson. Çeper romanlar hakda durup geçsek, Ýelizawetanyň keşbi aşakdaky eserlerde öz beýanyny tapdy: «Guwernantka » – Wendi Holden, «Şa zenan we biz» – Sýu Townsend, «Windzor düwni » – S. J. Bennet, «Kyn okyjy » – Alan Bennet, «Şa zenanyň lybasy » – Jennifer Robson. Bu eserleriň içinde aýratyn hem iki kitap öňe çykarylýar. Olaryň birinjisi Anne Glenkonneriň «Freýlina » eseri bolup, bu kitapda Şa zenanyň köşk hyzmatçylarynyň biriniň ýatlamalary jemlenipdir. Ikinji neşir Stiwen Klarkyň «Şa zenanyň ýylgyryşy » eseri bolup, bu kitapda onuň başyndan geçiren täsin wakalary, degişmeleri barada gürrüň berilýär.