Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

29 Sentýabr 2022
731

Ahal welaýaty, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar.

Beýleki habarlar