Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

27 Sentýabr 2022
1333

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, bu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler esasynda ýeten belent sepgitleriniň uly buýsanç bilen kabul edilýändigi bellenildi. Tatarystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlap, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.