Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

27 Sentýabr 2022
347

Ahal welaýaty, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň döredilmegini alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr. Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine dünýä jemgyýetçiligi bilen oňyn gatnaşyklary alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy” diýip belleýär.

Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.