Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri

27 Sentýabr 2022
396

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.