Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi

21 Sentýabr 2022
1008

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täsirli guralydyr.