Üstünlikler — baş baýrama sowgat

19 Sentýabr 2022
456

Türgenlerimiziň halkara ýaryşlardaky üstünliklerini dabaralandyrmak, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurmak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň asylly däpleriniň birine öwrüldi. Bu däp geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Awstriýanyň Oberwart şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Çehiýa Respublikasynyň Pardubise şäherinde Şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» ugrundaky halkara ýaryşda üstünlikli çykyş eden türgenlerimizi sylaglamak dabarasy boldy. Halkara ýaryşlarda gazanan üstünligi üçin sylaglara mynasyp bolan türgenlerimiz bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar ýüregine dolan begenjini şeýle beýan etdiler:

Hakberdi JUMAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby:

Ýazga geçiren Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».