Ýaş futbolçylaryň Moskwadaky üstünligi

18 Sentýabr 2022
592

Eziz Diýarymyzda ähli ýaşdaky raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň sport bilen meşgullanyp, saýlap alan ugurlarynda kämillige ýetmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň 15 ýaşly ýetginjeklerinden düzülen ýygyndysynyň Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen Ýewraziýa klublarynyň üçünji futbol ýaryşynda gazanan üstünligi hem her birimizi diýseň guwandyrdy.

Bu halkara ýaryşynda zehinli ýetginjeklerimiz erjellik görkezip, Russiýanyň «FŞM» toparyny 3:2, «Torpedonyň» ýetginjekler toparyny bolsa 5:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparçadaky gazanylan iki ýeňişden soň 6 utuk toplan türkmen ýetginjekleri ýaryşyň jemleýji duşuşygynda oýnamaga hukuk gazandylar. Aýgytlaýjy oýunda belarusly ýetginjekler bilen duşuşan türkmen futbolçylary ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp bolmagy başardylar.

«Güneş».