Moskwadan medally dolandylar

16 Sentýabr 2022
451

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna barýan günlerimizde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlardaky üstünlikleri, medaldyr kuboklary bilen sport muşdaklaryny begendirýärler. Türgenlerimiziň sentýabrdaky medallarynyň nobatdakylary Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada gazanyldy.

10-11-nji sentýabrda Moskwa şäherinde «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» atly halkara ýaryş geçirildi. Öňki ýyllarda «A.Harlampiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sambo boýunça dünýä kubogy» diýen at bilen geçirilen ýaryşa 13 ýurda wekilçilik edýän samboçy türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümi 29 türgenden ybarat boldy. Olar ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular.

«Türkmen sporty».