Mergenlik mekdebiniň ussatlary

16 Sentýabr 2022
94

10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň türgenleşik zalynda nusgawy we tegekli ýaýlardan 18 metr aralykdaky nyşanalara ok atmak boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdeplerinde tälim alýan hem-de Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasyna wekilçilik edýän türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda jemi 70-den gowrak türgen güýç synanyşdy.

2009-njy ýylda doglan we kiçi ýaşly türgenleriň arasynda nusgawy ýaýdan nyşana ok atmak ýaryşynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň türgenleri Alymuhammet Dosow, Kadyr Abalyýew, Omar Myradow baýrakly orunlary eýelediler. Şol görnüşden 2001-nji ýylda doglan we uly ýaşly erkek türgenleriň arasyndaky bäsleşikde Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgenlerinden Agajan Gullaşow birinji, Jorakuly Jumaýew üçünji orny eýeledi. Ikinji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gullukçysy Şöhrat Jumakuliýew mynasyp boldy. Hut şol görnüşde zenan türgenleriň bäsleşiginde Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň agzalary Ogulsuraý Kakyşowa, Oksana Gataulina hem-de Jemal Izbasarowa degişlilikde baýrakly orunlary eýelediler.

Wepa SÄHEDOW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň ýaýdan ok atmak boýunça tälimçi-mugallymy, ýaryşyň baş emini.
Beýleki habarlar