Sport we ýaşlar syýasaty

16 Sentýabr 2022
88

Balkan welaýatynyň ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebinde okuwçy oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 64 öýjükli şaşka boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Gyzykly ýagdaýda geçen oýunlaryň netijesinde Balkanabat şäheriniň şaşkaçylary baýrakly orunlaryň ählisini eýelemegiň hötdesinden geldiler.

Oglanlaryň arasynda 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Täçdurdy Hajyýew birinji, 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Möwlam Hudaýberdiýew ikinji, 16-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Yslamberdi Garajaýew üçünji orna mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda bolsa 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Orazgül Durdyýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Şol mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Züleýha Durdyýewa bilen 6-njy synp okuwçysy Mähriban Durdyýewa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Beýleki habarlar