Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana-dynç alyş düzümini ösdürýär

2 Awgust 2022
1454

Awaza, 1-nji awgust. Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.

Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.

www.tdh.gov.tm