Türkmenistan — Özbegistan: däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

19 Fewral 2021
894

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Munuň şeýledigine 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Myhman Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny milli Liderimize ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

"Nesil".