Ajaýyp sowgat

24 Maý 2024
172

20-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

«Watan».