Ösen işewürligiň we bagtyýar durmuşyň mekany

24 Maý 2024
208

Düýn — 24-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi ýaýbaňlandyryldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Paýtagtymyzyň güni mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen giň gerimli gözden geçirilişe ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň köp sanlysy gatnaşýar. Diýarymyzyň baş şäherinde gurluşyk we binagärlik, elektroenergetika, gaýtadan işleýän senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar Aşgabadyň ýaşamak we zähmet çekmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän ösen megapolise öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bizem sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyş bolduk.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».