Baýramçylyk sowgady

24 Maý 2024
261

Paýtagtly türgen Alymmuhammet Kakalyýew ýetip gelen baýramy – Aşgabat şäheriniň gününi sowgatly garşylady. Ol Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde tamamlanan «Karate 1 Ýaşlar ligasynyň» dünýä tapgyryndaky halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy.

Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy bu üstünligi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 55 kg çenli agram derejesinde kumitede gazandy. Ýeri gelende bellesek, bu türkmen türgeniniň halkara ýaryşlaryndaky ilkinji medaly däldir. Alymmuhammet şu ýyl Fudžeýrada (BAE) geçirilen hut şeýle derejedäki bäsleşikde bürünç, Samarkantda guralan Merkezi Aziýanyň karate boýunça 9-njy çempionatynda altyn medallara mynasyp boldy.

Jemal AŞYRNEPESOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.