Çekeleşikli tutluşyklar

24 Maý 2024
107

Golaýda 2007 – 2009-njy hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sambo boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Mekdebiň «Köpugurly» sport zalynda guralan ýaryşlaryň her birine 100-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem toparlaýyn hasap boýunça birinji orna Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi eýe boldy.

34 kg-de Gurban Rejepow, 38 kg-de Allanur Seýitkulow, 42 kg-de Ybraýymbeg Baýramgylyjow, 46 kg-de Ýusup Atabaýew, 50 kg-de Resul Geldiýew, 55 kg-de O.Hudaýberdiýew, 60 kg-de Daniýel Rustamow, 66 kg-de B.Gulmuhammedow, +70 kg-de bolsa Hezret Hoşgeldiýew dagy 2007–2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy.

Myrat HALMYRADOW,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.