Peder mekdebi — mertligiň nusgasy

19 Aprel 2024
352

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan «Köňül ruhy siňen peder taglymy» atly çäre geçirildi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, harby gullukçylar, IIM-niň institutynyň talyplary, esgerler gatnaşdylar.

Çäre harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölüminde ýerleşýän heýkeline gül desselerini goýmaklary bilen başlandy. Munuň özi döwründe içerki gullugyň podpolkownigi bolup işlän Mälikguly aga ýurt goragçylarynyň şu günki nesilleri tarapyndan goýulýan aýratyn sarpadan nyşandyr.

(Ýörite habarçymyz).