Baş maksat — halkyň bagtyýar durmuşy

19 Aprel 2024
329

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary many-mazmuna, taryhy wakalara baý bolup, ildeşlerimiziň yhlasly zähmete, bagtyýar durmuşa höwesini has-da artdyrdy. Saparyň çäklerinde Diýarymyzdaky giň gerimli gurluşyklaryň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegi, bu mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň welaýatyň ýaşaýjylaryna 200-e golaý täze awtobuslary sowgat hökmünde gowşurmagy ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmäge saldamly goşant boldy. Şeýle hem şol gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumyna degişli jaýlaryň 59-synyň açylyp ulanmaga berilmegi hem sebitiň ýaşaýjylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly wakalara öwrüldi.

Welaýat merkezinden paýtagtymyza sary ugranyňda, Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň 2-nji kilometrliginde hersi 1 öýli, 2 gatly, 6 otagly kottej ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy bada-bat gözüňe ilip, ünsüňi özüne çekýär. Umumy meýdany 22 gektara barabar bu ýerde meýilnama laýyklykda, kottejleriň 200-si bina edilmeli. Golaýda bolsa olaryň 59-sy ulanmaga berildi. Olardan nesibeli bolup, täze öýe göçüp gelen maşgalalar şu günler jaý toýlaryny uludan tutýarlar. Bu kottejlerde döredilen şertler barada «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň hünärmeni Merdan Saryýew:

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.