Alyslary ýakyn etmek sungaty

19 Aprel 2024
191

Ýurdumyzda gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurtlary, sebitleri birleşdirer

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryndan barha uly orun alýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasat netijesinde ýurdumyzda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip, ykdysadyýetde, senagatda ägirt uly öňegidişlikler gazanylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Gyýanly polimer zawody, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, Garlyk kaliý dagmagdan toplumy, Owadandepedäki «Türkmen Aýna önümleri» kärhanasy, «Garabogazkarbamid» zawody ýaly iri kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilip, Türkmenistanyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalanmagynda nobatdaky ädim boldy.

Azat ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Maglumatlar we okatmak üçin tehniki serişdeler bölüminiň başlygy.