Asyrlaryň aňyrsyna syýahat

19 Aprel 2024
123

Kitap — gaýybana syýahat. Ol bizi sähel salymda müňýyllyklaryň aňyrsynda galan geçmişe-de, täsinliklerden doly geljege-de syýahat etdirip bilýär. Hut şonuň üçinem biz olary hazyna deňeýäris. Akyldaryň aýdyşy ýaly, kitaplarda hazynalaryň gizlenendigine diňe ynanýan adam olary açyp biler. Bu aýdylanlaryň many çuňlugyna hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ilkinji sahypalaryna aralaşanyňdan göz ýetirip ugraýarsyň. Gadymy Änewiň taryhyna ylmy-populýar görnüşde guralýan seýranlaryň netijesinde okyjy maglumatlardan doly hazynanyň eýesine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby alys ýüzüşleri amala aşyrýan deňizçilere ýol görkezýän maýagy ýada salýar. Sebäbi onda halkymyzyň taryhy, gadymy Änew bilen baglanyşykly wakalary bilmek isleýänleriň haýsy alymyň işlerine ýüzlenmelidigi durmuşy pursatlaryň, ylmy oýlanmalaryň üsti bilen okyja ýetirilýär. «Ýeriň merkezi hakyndaky» pikir ýöretmeler okyjyny Isidor Harakskiniň «Parfiýa duralgalary» atly meşhur ýolgörkezijisinde agzalýan Gatar şäheriniň içi bilen geçirip, gadymy grek taryhçysy Gerodotyň, hywaly taryhçylar Munisyň, Agehiniň dünýäsine aralaşdyrýar. Şeýle-de A.Komarow, R.Pampelli, G.Şmidt, M.Masson, W.Masson, W.Sarianidi, L.Rempel, A.Semýonow, G.Karpow, N.Dubowa, G.Pugaçenkowa, F.Hibert ýaly dürli döwürlerde şu topragyň ýürek urgusyny diňlän ylym ussatlarynyň ýatlanylmagy olaryň geçen ýoluna hormatyň beýany bolup, okyjyny bu alymlaryň ylmy işleriniň gözlegine sary ýola salýar.

Läle AHMEDOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň K.Gurbannepesow adyndaky kitaphanasynyň kitaphanaçysy.