Sogaply işleriň söhbedi

18 Aprel 2024
213

Ýol, köpri gurmak halkymyzda iň sogaply işleriň biri hasaplanylýar. Çünki ýollar, köprüler halklary, kalplary birleşdirýär. Ýagşy niýetleriň amal bolmagyna şert döredýär. Hut şonuň üçin-de ýol ulgamynyň ösdürilmeginde durmuşa geçirilen işler barada gürrüň açylanda, olara «sogaply menziller» diýip baha berýärler. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynda ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler, öňe sürülýän başlangyçlar halkara bileleşiginiň ykraryna eýe bolýar. Paýtagtymyzda 15-19-njy aprel aralygynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyz tarapyndan bu ulgamda amala aşyrylýan işlere ýokary baha berilýändigini ýene bir ýola äşgär görkezýär.

DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garalyp, ýakyn ýyllaryň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlisiň barşynda demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak, demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak ýaly pikirler orta atyldy.

Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.