Maksatlar belent, wezipeler aýdyň

26 Fewral 2024
257

Öňňin paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly: durmuş-ykdysady maksatlar we wekilçilikli edaralaryň orny» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda amala aşyrylmagy möhüm ähmiýetli işler barada aýdanlaryny, öňde goýan wezipelerini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy. Çykyş edenler Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini nygtadylar. Şonuň ýaly-da, demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýändigi, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň, raýat jemgyýetiniň esaslarynyň yzygiderli berkidilýändigi beýan edildi.

(Ýörite habarçymyz).