Sport: ruhubelentlik bilen täze ýeňişlere tarap

26 Fewral 2024
418

Watanymyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň, gözelligiň, gujur-gaýratyň çeşmesi hasaplanýan sporta höwes, täze ýeňişlere ymtylyş barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldelerine eýerip, dürli ýaşdaky raýatlar köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketlerini has-da dabaralandyrýarlar. Şunlukda, türkmen sporty pajarlap ösýär, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sagaldyş çäreleri giň gerime eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmäni nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini we ýokary netijeli sporty ösdürmek meselelerini üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport ulgamyndaky ösüşiniň, sport diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň netijesinde, türkmen sporty täze sepgitlere ýetýär. Bu ugurdaky işleriň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagy ulgamyň hukuk binýadynyň hem pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatda 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasynda her ýyl sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly milli spartakiada we uniwersiada, ýurdumyzyň umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri», talyplaryň arasynda «Веrkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary» atly sport ýaryşlary, «Altyn top» futbol ýaryşlary, «Biz Oguz han nesli» atly milli oýunlar boýunça bäsleşikler, Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri yzygiderli geçirilip, milli sportumyz has-da rowaçlandyrylýar.

Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bölüm başlygy.