Ýurt habarlary

22 Fewral 2024
393

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisde hasabat berlişi ýaly, ýanwar aýynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda dürli forumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Şeýle-de bu ulgama degişli ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy.

«Edebiýat we sungat».