Ak bugdaý — ýylyň ýeňiji etraby

22 Fewral 2024
236

12-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri 9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek we etrabyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.