Ösüşiň we hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

22 Fewral 2024
196

Häzirki döwürde ykdysady ösüşiň we strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan ulag-aragatnaşyk pudagynda giň mümkinçilikler açylýar. Hut şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz tarapyndan köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak baradaky başlangyçlar öňe sürülýär. Bu taslamalar uly ýük akymlarynyň, şol sanda üstaşyr ýükleriň geçýän aralyklaryny we ýola sarp edilýän wagty düýpli gysgaltmak bilen
Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň häzirki zaman çagyryşlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak üçin ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmek zerur bolup durýar. Şundan ugur alnyp hem Türkmenistanyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Maksatnama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bilen berk sazlaşyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan resminamadyr.

Didar ORAZOW,
Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.