Parlamentara gatnaşyklar arkaly dialogy berkidip

22 Fewral 2024
209

15-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm ähmiýeti we onuň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma ýene bir gezek tassyklanýar. Häzirki wagtda düzüminde 20-den gowrak döwlet agza bolup durýan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işi munuň aýdyň güwäsidir. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik mehanizmiň işlenip taýýarlanylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.