Halkara giňişlikde

21 Fewral 2024
419

Ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrunda

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ýurdumyzyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».