Zenan küştçüler bäsleşdiler

21 Fewral 2024
262

Ýakynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinji ligasynyň çempionlygy ugrunda ýaryş geçirildi. Küşt ýaryşlaryna hemişe mahsus bolşy ýaly, bu gezekki çempionat hem garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy.

Ýaryşyň ilkinji aýratynlygy çempion bilen baglydyr. Çünki 7 we 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda 2013-nji ýylda Gresiýada, 2014-nji ýylda-da Braziliýada «Dünýä çempiony» diýen adyň eýesi bolandan soň, esli ýyllap sporta arakesme beren maryly küştçi, FIDE-niň ussady Bägül Ezizowanyň özüni birinji ligada synap görmegi, bu synagyň bolsa çempionlyk bilen tamamlanmagy täsinligiň hut özüdir. Ýaryşda 11 duşuşyk geçiren Bägül 9 utuk toplap, birinji liganyň wekilleriniň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».