Küşt tagtasynyň başynda

8 Dekabr 2023
234

Ýakynda Daşoguz şäheriniň 1-nji sport mekdebinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp küşt boýunça aýal-gyzlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa etraplardan we Daşoguz şäherinden saýlama türgenler gatnaşdy. Şweýsar usulynda guralan bäsleşik gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň baş emini Ulugbek Matýakubowyň bellemegine görä, jemi 9 oýunda 8,5 utuk toplan «Merdem Ýaşlar» okuw merkeziniň küşt gurnagynyň mugallymy Mähriban Matýakubowa çempion bolmagy başardy. Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Selbi Ýazgylyjowa 2-nji orny eýeledi. 3-nji baýrakly orna koffisient görkezijileri esasynda Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Zeýnab Haýtanowa mynasyp boldy. Baýrak eýeleri Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Daşoguz şäheriniň 23-nji orta mekdebinde bolsa şäher derejesinde okuwçylaryň arasynda geçirilen toparlaýyn küşt bäsleşiginde Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň topary ýeňiji boldy. 7-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 23-nji orta mekdebiň topary 3-nji baýrakly orunlary eýelediler. Ýaryşyň şahsy birinjiliginde oglanlardan Ihlas Ulugbekow 1-nji (7-nji orta mekdep), Arslan Kullyýew 2-nji (10-njy orta mekdep), Bezirgen Orazbaýew (1-nji orta mekdep) 3-nji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Dursunjemal Kullyýewa (10-njy orta mekdep), Sahra Saparmyradowa (23-nji orta mekdep), Adalat Ulugbekowa (11-nji orta mekdep) dagy degişlilikde baýrakly orunlary eýeledi.

Sapar IŞANKULYÝEW,
Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.