Şöhratly ýyl we milli sport

8 Dekabr 2023
261

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem taryhyň altyn sahypalarynda mynasyp ornuny tapar. Çünki ýurdumyzda türkmen ýaşlaryna bildirilýän belent ynamyň nyşanyna öwrülen bu ýyl ajaýyp zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere, taryhy ýeňişlere beslendi. Şeýle netijeleriň bedenterbiýe we sport ulgamynda hem gazanylandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek.

Bu hakykaty türkmen türgenleriniň şu ýylyň 11 aýynda dünýä we yklym çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanan medallarynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artykdygy hem aýdyň tassyklaýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri hem diýseň uly ähmiýete, çuň many-mazmuna beslenýar. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegiň netijesinde bedenterbiýäni we sporty saýlaýan watandaşlarymyzyň sany barha artýar.

Orazjemal ORAZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň kätibi.