Dünýä çempionaty – sport baýramy

8 Dekabr 2023
212

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, kämil ylym-bilimli bolmagy üçin ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap okuw maksatnamalary boýunça okadylmagy, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda üstünlikli işler alnyp barylýar. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge bolsa aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biridir. Sagdynlyk bolsa bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar, maksada okgunly hereket etmäge, durmuşda öz ornuňy tapmaga ýardam edýär. Sportuň islendik görnüşi hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň kesellere garşy göreşijilik ukyby güýçli bolýar. Sport we bedenterbiýe dertleriň ençemesiniň öňüni almagyň esasy serişdesidir.

Milli Liderimiziň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýaş nesilleri çagalygyndan sporta çekmäge uly ähmiýet berýär hem-de bu babatda zerur bolan ähli döwrebap şertleri, mümkinçilikleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, geljekde türkmen sportunyň şöhratyny has-da artdyrjak ýaş türgenleri ýetişdirmek, olara ýokary derejede tälim bermek bolsa möhüm wezipedir.

Bäşim HAMEDOW,
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň medeni-guramaçylyk bölüminiň başlygy.