TFF-niň täzelikleri

8 Dekabr 2023
210

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň birinjiliginiň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen duşuşyklarda «Ahal II» topary «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdi. Üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan «Köpetdag II» bilen «Aşgabat II» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk hem şu tapgyra gabat geldi. Bu duşuşykda netijeli oýnan «Köpetdagyň» ýaşlar düzümi 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy «Şagadam II» bilen «Merw II» toparlarynyň arasynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.

Hakberdi NURYÝEW,
sport synçysy.