«Merdana nesil — 2023» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

8 Dekabr 2023
621

Şu gün — 8-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim  berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň  arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar.

«Güneş».