Welaýatlardan habarlar

8 Dekabr 2023
366

Berkarar Watanymyzda milli sportumyzy we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler halkara derejede hem giň goldawa eýe bolýar. Ýakynda mermer paýtagtymyzda Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri Watanymyzyň sport abraýyna öwüşgin çaýan waka hökmünde ýyl ýazgymyzda aýratyn orun aldy. Bu ýaryşda welaýatymyzyň türgenleri şowly çykyş etdiler. Bu bolsa ýurdumzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna döredilýän giň mümkinçilikleriň ýokary netijesinden habar berýär. Türkmen halkyny parahatçylygyň, dostlugyň we beýik ýeňişleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Toýmyrat GARÝAGDYÝEW,