Gyş paslynda peýdaly önümler

8 Dekabr 2023
446

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde bereketli topragymyzda ýetişýän gök-bakja önümler bilen iýmitlenmegiň saglygymyzy gorap saklamakda diýseň peýdalydygyny, olaryň dermanlyk häsiýetine eýedigini, dürli witaminlere baýdygyny, bedeni berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.

Şeýle gök-bakja önümleriniň biri kelem bolup, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Adamyň saglygy üçin peýdasy uly bolan kelemiň minerallara örän baýdygy ylmy taýdan tassyklandy. Esasan hem, ol C, K witaminlerine baýdyr.

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.