HABARLAR

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşdy Aşgabat — Dubaý, 1-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi. Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat, Gümrük kodekslerine, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Hytaýda oňyn daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, ösüş ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem 25-nji noýabrda geçiriljek Mejlisiň dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň hem-de “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, birnäçe kodekslere, beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şu ýylyň dowamynda guralan halkara derejeli möhüm wakalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň güwäsidir. Şol wakalaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär hem-de bu ugurda başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Munuň şeýledigine 18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden anyk teklipleri we Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Döredijilikli syýasat — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilimiň we tehnologiýalaryň ähmiýetini artdyrmak, ýurdumyzy ösdürmegiň innowasion usullary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň döwrebap derejesini üpjün etmek ýaly ugurlar bar. 13-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, welaýatlaryň häkimlerine şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.