Watanymyzyň abadançylygy ugrunda

8 Dekabr 2023
340

Watanymyzyň asudalygynyň goragy, jemgyýetimizde abadançylygyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň esasy şertidir. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize şu ýylyň on bir aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barlan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we gulluklardyr ministrlikleriň işleriniň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda durmuşa geçirilişi barada hasabatlar berildi.

«Watan».