Ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

8 Dekabr 2023
262

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykýar. 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşygynda hem däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Şu gezekki saparyň çäklerindäki gepleşikleriňdir duşuşyklaryň iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Watan».