Ilçiler işe başlady

8 Dekabr 2023
187

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Watan».