Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

8 Dekabr 2023
212

Halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça işleri ýaýbaňlandyrmak, ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy ugrundaky tagallalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap toplumynyň taslamasynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli teklipleriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde Estetiki merkezi we Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Saglygy dikeltmek ugrunda halkara ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bu merkezlerde raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat edilýär. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga beriljek 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi raýatlarda dürli kesellerden soň dikeldiş çärelerini geçirmäge mümkinçilik döreder. Halkara newrologiýa hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezlerine ýanaşyk guruljak 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasy hem iri saglygy goraýyş desgalarynyň üstüni ýetirýär.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň müdiri, dosent.