Ýaş zehinleriň ylham çeşmesi

8 Dekabr 2023
249

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bilim we sungat ojagynyň uçurymlarynyňdyr talyplarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary» atly döredijilik sergisi açyldy. Bir aý dowam edýän sergide zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, dizaýn, grafika, sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň ençemesi görkezilýär.

Sergide görkezilýän işleriň köpüsi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanýar. Bu bolsa 2024-nji ýylda giňden belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýaşlaryň özboluşly sowgadydyr.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.